Ýakynda Türkmenbaşy jins toplumynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda “Saglygym baş baýlygym” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu toplumyň ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesini zähmet bilen utgaşdyrmak barada söhbet edip, saglygyň baş baýlyk diýip näme üçin diýilýändigi bilen bagly pikirlerini orta atdylar. Olar sagdyn durmuş ýörelgesini ýöredeniňde zähmetiň hiliniň has-da ýokarlanýandygy aýratyn nygtap, dogry iýmitlenmek, wagtly wagtynda ýatmak hem-de öz wagtynda dynç almak ýaly endikleri kemala getirmegi başarsaň her bir edilen işi birkemsiz ýerine ýetirmek bolýandygyny bellediler. Duşuşygyň ahyrynda okamaga, döretmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini ýöretmäge ähli mümkinçilikleri döretmäge giň mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, işleriniň rowaç almagyny, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Allanazar TÄÇMYRADOW,
Türkmenbaşy jins toplumynyň
ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.