Ýakynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde ýerleşýän Altyn Damja toý mekanynda etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Bu dabara etrabyň çäginde zähmet çekýän ýaş hünärmenler, talyp ýaşlar we ýörite çagyrylan myhmanlar gatnaşdylar. Geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynda ýaş hünärmenler özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan edip, onda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň Türkmenistan döwletimizde uly şatlyga beslenip geçirilendigini bellediler, şeýle-de dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdymlarda Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy beýan edýän hem-de Watanymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini wasp edýän ajaýyp aýdymlara aýratyn orun berildi.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmekde, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Maýa ŞÄMIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin
etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.