PYÝADALARYŇ WE ÝOLAGÇYLARYŇ BORÇLARY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Çagalar awtoşäherçesinde etrabyň çäginde ýerleşýän, orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçy ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde ýol hereketiniň kadalarynyň dogry berjaý edilmegini we pyýadalaryň awtoulaglaryň gatnaw böleginden peýdalanmaly däldigini, pyýadalar üçin ýörite ýodalardan ýöremelidiklerini körpe nesillerimize düşündirmek hem-de ýörite şertli belgiler ýerleşdirilen meýdançada körpelere ýoldan geçmegiň düzgünlerini düşündirmek maksady bilen «Pyýadalaryň we ýolagçylaryň borçlary» ady bilen bäsleşik geçirildi.

Sorag-jogaba baý bolan bu bäsleşikde okuwçylar işjeň gatnaşdylar, eminler topary tarapyndan saýlanan okuwçylara we oňa gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Altyn DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar