BERKARARLYK ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

Ýakynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4 – 12-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň Berkararlyk etrap tapgyry Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatsöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, ýurdumyzyň ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bu döredijilik bäsleşigine mekdep okuwçylarynyň «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmeleri, çeken suratlary we maketleri hödürlenildi.

Döredijilik bäsleşiginiň netijeleri esasynda etrap tapgyrynda ýeňijiler yglan edilip, baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, zehinli ýaşlarymyz üçin döredilip berilýän ähli giň şertdir mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Merjen MUHAMMETGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 32 okalan

BERKARARLYK ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

29 Oktýabr 2025 | 27 okalan

TÜRKMEN-ÖZBEK DOSTLUK AGŞAMY