«SPORT ÜSTÜNLIGIŇ MENZILI» ATLY TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan sport» teleýaýlymynyň hem-de Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda «Sport üstünligiň menzili» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gepleşigi guraldy.

Onuň dowamynda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýermek, olary halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, türkmen sportynyň dünýä derejesinde ösüşi barada, bagtyýar ýaşlarymyzyň türkmen sportynda gazanylýan beýik üstünlikleri, ýaşlary ökde türgenler edip ýetişdirmekde döredilýän mümkinçilikler dogrusynda täsirli gürüň etdiler.

Söhbetdeşlik gepleşiginiň ahyrynda çykyş edenler, asuda bagtyýar döwrüň gujagynda sagdyn nesilleri kemala getirmekde hem-de döwletimiziň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň türkmen sportyny halkara derejesine çykarmakda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Uzukjemal GARAGULYÝEWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky

ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 32 okalan

BERKARARLYK ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

29 Oktýabr 2025 | 27 okalan

TÜRKMEN-ÖZBEK DOSTLUK AGŞAMY