Ýakynda Türkmenbaşy jins toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň, toplumyň Kärdeşler arkalaşygynyň hem-de Demokratik partiýasynyň bilelikde guramagynda «Arkadagym bilen abat döwürler, sport bilen şatdyr mydam göwünler» atly şygar astynda sportuň futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.
Ýaryşda «Bedew» hem-de «Dokmaçylar» topary bolup, özara çekeleşikli futbol ýaryşy diýseň gyzykly we täsirli boldy. Çekeleşikli ýaryşyň ahyrynda Dokmaçylar topary ýeňiji boldular.
Sportuň futbol görnüşi boýunça geçirilen ýaryşyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, asuda, bagtyýar döwrüň gujagynda sagdyn nesilleri kemala getirmekde hem-de döwletimiziň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň türkmen sportyny halkara derejesinde öňe çykarmaklary üçin uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Allanazar TÄÇMYRADOW,
Türkmenbaşy jins toplumynyň Magtymguly
adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.












