Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli özgertmeler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny gurşap aldy. Beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzda ýeňil senagat önümçilik kuwwaty yzygiderli kämilleşdirilýär. Şoňa görä-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzdaky ýeňil senagat pudaklarynyň biri bolan dokma pudagyny mundan beýläk hem yzygiderli kämilleşdirmek ugrunda maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň bu ugurda durmuşa geçirýän işlerine we olary ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň düzüminde agzalykda duran zähmetkeşleriniň öz nobatynda goşandyny goşmaga elmydama taýýardygyny aýratyn bellemek bolar.
Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga, halal zähmet çekmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.
Osman AŞYROW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň
Magtymguly adyndaky IÝG-niň başlygy.