Ýakynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasy bilen bilelikde guramagynda Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglar orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Sagdyn durmuş — üstünligiň gözbaşy” atly sportuň ýüp çekişmek görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.
Gyzykly we çekeleşikli geçen bu bäsleşikde özleriniň ukyp-başarnyklaryny, ugurtapyjylyklaryny görkezen ýaşlar, bäsleşigiň ahyrynda baýrakly orunlara mynasyp bolup, olar Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmagy, özleriniň sport ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirmegi ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Leýli TAGANOWA,
“Türkmendemirýollary” agentliginiň
Magtymguly adyndaky IÝG-niň
sanly ulgam boýunça hünärmeni.