“BIZ OWAZ BILEN” AÝDYM-SAZLY GEPLEŞIGIŇ TÄZE SANY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Türkmen owazy” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Biz owaz bilen” atly aýdym-sazly gepleşigiň nobatdaky sany ýazgy edildi.

Gepleşigiň bu gezekki sanyna Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, meşhur aýdymçy Baýramhan Saparow gatnaşdy.

Täsirli hem gyzykly geçen söhbetdeşlikde aýdymçy “Suraý”, “Nirde sen”, “Ýol”, “Gaýdyp berseler”, “Baharym”, “Bileje bolaly”, “Ömür”, “Watan”, “Ilki duşuşyk” ýaly joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdi. Gürrüňdeşligiň dowamynda myhman bilen gyzykly sorag-jogap alşyldy.

Gepleşigiň ahyrynda myhmanymyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgat gowşuryldy. Aýdymçy öz gezeginde medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdi.

Merdan ÝURDAMANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçilikleýin habar beriş bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 0 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI