Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen forum boýunça hormatly Prezidentimiziň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş sapary barada «Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly brifing duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Neşirýat – çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary, mugallymlary hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaş hünärmenler gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri, ösüşler hem-de goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda alnyp barylýan ägirt uly işler, şeýle hem ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreler barada giňişleýin söhbetler edildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döretmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.