WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda tassyklanan Meýilnama esasynda ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak hem-de türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlaryny giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde talyplaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşan myhmanlar 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk sowatlylygyny artdyrmak, jenaýatçylygyň öňüni almak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek barada giňişleýin çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, olarda ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň kemala gelmegi ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Rüstem HOJANEPESOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 0 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI