Ýakynda Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi bilen bilelikde guramagynda “Sagdyn durmuş-sagdyn nesil” ady bilen “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşlik duşuşygynda çykyş edenler ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň: “Sagdyn ene bolmasa, sagdyn çaga bolmaz” diýen paýhasly jümlesinden ugur alyp, bu ugurdaky işleriň täze taryhy döwürde mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýandygy we eneleriň saglygyny berkitmäge, çagalaryň ýaşaýyş-durmuş abadançylygyny hem-de ösüşini gazanmak üçin döredilýän ähli şertler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Şeýle hem çykyşlarda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda edilýän tagallalaryň oňyn netijeleri barada bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Aýgül MELÄÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.