SAGLYGYM — BAŞ BAÝLYGYM

Ýakynda Aşgabat şäheriniň 14-nji saglyk öýüniň mejlisler zalynda lukmanlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň hem-de etrap Polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda “Saglygym – baş baýlygymady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alym Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi barada buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de çykyşlarda sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmegiň sagdyn nesli kemala getirmekde uly ähmiýetiniň bardygy dogrusynda nygtaldy.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.

Ismail ÝAKUBOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Berkararlyk etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

19 Sentýabr 2025 | 64 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

16 Sentýabr 2025 | 149 okalan

GARAŞSYZLYK BAÝRAMY MYNASYBETLI AÝDYM-SAZLY...