Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek we jemgyýetde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, olaryň nogsanlyklardan daşda durmagyny gazanmak, hukuk sowatlylygyny artdyrmak we kanuny bähbitlerini goramak, türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek bu çäräniň esasy maksady boldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň ähli ugurlarda hünär başarnyklaryny, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, kämilleşdirmek ugrunda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Oguljahan TÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.