SANLY BILIM ULGAMY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bäsdeşlige ukyplylygyň, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň wajyp şerti hökmünde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga, öňdebaryjy sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, sanly ykdysadyýeti netijeli dolandyrmagy başarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy; Türkmenistany 2022-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna we pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak babatynda edilýän tagallalar hem şol ugra gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini innowasion ugra geçirmegi çaltlandyrmak, işewürlik hem-de maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ylmy gözlegleri köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak, öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny jemgyýetiň ähli ugurlaryna ornaşdyrmak boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigini aýratyn belläp geçmek gerek. Bu ugurdaky tagallalaryň çäginde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda ylymda we bilimde sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Sanly tehnologiýalaryň bu ulgama ornaşdyrylmagy ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň biliminiň ähli başlangyçlarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.

Täze taryhy döwrümizde sanly ulgamyň ösüşine we ornaşdyrylyşyna aýratyn üns berýän, Watanymyzyň bagtly ýaşlary üçin okamaga, bilimli, hünärli bolmaga we döretmäge ajaýyp şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Şahnoza GAPBAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Köýtendag etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgamynyň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Aprel 2025 | 52 okalan

MELHEM MIWELER

18 Aprel 2025 | 119 okalan

HALAL ZÄHMETIŇ MIWESI

18 Aprel 2025 | 99 okalan

ATDA GÖZELLIK BAR