SPORT SAGDYNLYGA BADALGA

Golaýda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň Köýtendag bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň 1-nji sport mekdebinde ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, ýaş nesilleriň ýaramaz endiklerden daşda durmaklygyny, olaryň ruhy we fiziki taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen «Sport sagdynlyga badalga» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bedenterbiýäni ösdürmek, ýaşlary sport we sagdynlyk hereketine işjeň çekmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň kemala gelmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermek, sport bilen yzygiderli meşgullanmak boýunça ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler barada çykyşlar edildi.

Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler ata Watanymyzy bagtyýarlygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza päk ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Roza TAŞPOLATOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Köýtendag etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI