MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Üstümizdäki «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramagynda Lebap Atçylyk sport toplumynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat, şäher etrap Geňeşleriniň işgärleri hem-de Türkmenistanyň Oba Hojalyk Uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Şan-şöhraty dünýä dolan bedewler» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenistanyň Oba Hojalyk Uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar çykyş etdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň atşynaslyk däplerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmak babatda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Dinara KARIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI