Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramagynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän gadymy Amul galasyna gezelenç gurnaldy. Çärä gatnaşyjylara bu ýeriň taryhy medeniýeti barada gyzykly maglumatlar berildi.
Türkmenistanyň gündogarynda Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň günortasynda ýerleşýän türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran orta asyr Amul şäheri özüniň gyzykly taryhy bilen hemmeleri haýran edýär. Bu şäheriň irki döwürlerde tutýan orny we ösüşleri, Beýik Ýüpek ýolunyň ugryndan geçen söwda kerwenleriniň geçmeginde ýerine ýetiren işleri, senetçiligiň dürli görnüşleriniň ösendigi barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan ― Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly I-II kitaplarynda örän gyzykly taryhy maglumatlaryň we halkyň arasynda dörän rowaýatlaryň esasynda giňden beýan edilýär. Milli Liderimiz bu taryhy şäheriň orta asyrlarda «Amul Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistana gelýän ugrunda ýerleşýän ilkinji uly şäherdigini we kerwen ýollarynyň çarýana rowana bolan merkezidir» diýip belleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň milli medeni mirasymyzy düýpli öwrenmäge hem-de gorap saklamaga döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleriniň netijesinde milli medeni mirasymyzyň, sungatymyzyň, taryhymyzyň şan-şöhratymyzyň dünýä ýazylan we beýik işleriň amal edilýän zamanasydyr diýip buýsanç bilen aýdyp bileris. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň çäklerinde halkyň manyly geçmişini özünde jemleýän taryhy-medeni ýadygärlikleriniň biri bolan gadymy Amul halkymyzyň şöhratly taryhyny, geçmişini bütin dünýä aýan edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň şöhratly taryhyny ylmy taýdan öwrenmek we bu işe dünýä alymlaryny çekmek boýunça taýsyz tagallalar edilýär. Ata Watanymyzyň şöhratly taryhyny öwrenmek arkaly halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdýarys.
Begenç ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni