Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz öz ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna bedew bady bilen ynamly gadam urýar.
Her ýylyň aprel aýynda bellenilip geçilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport çärelerini guramak, okuwçy ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň sportuň woleýbol görnüşine bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 4-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi hem-de Çärjew etrap Bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.
Çekeleşikli geçen ýaryşda türgenler sport ussatlyklaryny görkezdiler. Gyzgalaňly ýagdaýda geçen bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.
Nasiba ŞERALIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni