Golaýda, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 1-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň hem-de Saýat etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň sporta höwesli kiçi synp okuwçylarynyň arasynda «Sport –sagdynlyga çagyryş» atly sportuň şaşka görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.
Gyzykly geçen bäsleşikde okuwçy ýaşlar özleriniň zehinlerini, sporta bolan höwesini ukyp başarnygyny gazanan ýeňişleri bilen subut etdiler. Gyzykly we çekeleşikli geçen bäsleşigiň jemi boýunça ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar «Ýurdumyzda il saglygyny ýurt baýlygyna» deňeýän, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.
Aýjan ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Saýat etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.