GYZ EDEBI – UZ EDEBI

Ýakynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 24-nji orta mekdebinde Lebap welaýat Zenanlar birleşiginiň Türkmenabat şäher bölüminiň, Lebap welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda okuwçy gyzlarynyň gatnaşmagynda «Gyz edebi - uz edebi» atly temada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyz hakynda, olaryň nesil terbiýesindäki orny barada giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, Watana wepaly bolmak, il-günüňi goramak, ahlak düzgünlerini berjaý etmek her bir ýaş nesliň mukaddes borjy bolup durýandygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda zenanlara önjeýli işlemegi, döredijilikli zähmet çekmäge, ylym bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülşat ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI