Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban Watanymyza buýsanjymyzy, aýdyň maksatlarymyzy belentde tutup, 2025-nji ýyla «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan etmeginiň düýp mazmuny parasatly pederlerimizden miras galan dünýä halklary bilen ylalaşykly ýaşamak, özgelere hoşniýetli garamak, gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar arkaly çözmek ýaly ýörelgelere esaslanýar. Gahryman Arkadagymyz öz şygrynda «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» diýip belleýär. Şol paýhasly sözlerden ugur alyp, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli umumybilim berýän mekdeplerde, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan we sport bilen meşgullanýan okuwçylaryň, talyplaryň, şeýle-de döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Dünýä dursun parahat!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşik edebiýatyň we žurnalistikanyň dürli ugurlary boýunça geçirilýär. Oňa gatnaşyjylar döredýän eserlerinde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň hoşniýetli Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatynyň belent ösüşlerini beýan etmelidirler. Bäsleşige hödürlenýän eserler «Dünýä dursun parahat!» diýen ýazgy bilen hödürläp, gatnaşyjy özi baradaky maglumat bilen «7/24.tm: «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň e-mail: turkmenistansport@sanly.tm elektron salgysyna 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli iberilmelidir.
Bäsleşigiň jemi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli jemlener. Bäsleşikde iň gowy 6 sany makala saýlanyp alnar we 1-nji (1 sany), 2-nji (2 sany), 3-nji (3 sany) orunlar boýunça ýeňijiler kesgitleniler. Şeýle-de, has işeňňir gatnaşan okuwçylaryň we ýaşlaryň 5-sine höweslendiriji sowgatlar gowşurylar. Emin agzalaryň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we tapawutlanan gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +99365959547; +99312 22-81-38.