SPORT DOSTLUGA, SAGLYGA WE GÖZELLIGE TARAP ÝOLDUR

Ýakynda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamagynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Hoşniýetli dost ili – biziň eziz ilimiz, Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz!» şygary bilen «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur!» atly geçirilen sport bäsleşigi hem uly ruhubelentlige beslendi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty giňden ösdürmek hem-de kämilleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmek we oňa ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak babatynda öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp geçirilen sport bäsleşigi täze zehinleri ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy we onuň ahyrynda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli we ýokary ahlakly ynsanlar bolup ýetişmegi babatda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hemem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, döwletli tutumly işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler!

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

 
Indiki makala

DIL BILENLER GALADYR

Meňzeş habarlar

18 Aprel 2025 | 52 okalan

MELHEM MIWELER

18 Aprel 2025 | 119 okalan

HALAL ZÄHMETIŇ MIWESI

18 Aprel 2025 | 99 okalan

ATDA GÖZELLIK BAR