DIL BILENLER GALADYR

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň “Ýaş dilmaçlar we halypalar” atly gurnagynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmeklige bolan isleg barha artýar. Bu görkeziji esasan hem, ýaşlaryň arasynda has ýokarydyr. Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmek, dünýä dillerini öwrenýän we bu ugurda iş salyşýan ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmak, özara tejribe alyşmak maksady bilen, meýletinçileriň gatnaşmagynda gurnagyň maslahat duşuşyklary her hepde-de bir gezek yzygiderli geçirilýär.

Duşuşygyň dowamynda dil biliminiň aýratynlyklary, adamyň diliň kömegi bilen dünýäni we dürli medeniýetleri öwrenip bilýändigi, ähli dilleri kabul etmegiň we olara hormat goýmagyň parahatçylygyň esasy açarlarynyň biridigi, dünýäniň ylmy edebiýaty bilen tanyşmakda daşary ýurt dilleriniň ähmiýetiniň uludygy dogrusynda gyzykly söhbetler edildi. Mundan başga-da, duşuşygyň çäklerinde häzirki döwrüň aktual mowzuklary boýunça daşary ýurt dillerinde pikir alşyldy. Ýaşlaryň dil baýlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşikler duşuşyga gatnaşan meýletinçilere ýakymly täsirleri bagyşlady.

Türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, daşary ýurt dillerini özleşdirmekleri hem-de kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Mähri ORAZMÄMMEDOWA,

“Arkadagly Ýaşlar” elektron žurnalynyň terjimeçisi.

Meňzeş habarlar