GADYMY DÄP DÖWREBAP RÖWÜŞDE

Döwlet Baştutanymyz türkmen jemgyýetiniň ruhy galkynyşyny üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak eserler döreden akyldarlarymyzyň atlaryny ebedi şöhratlandyrýar. Jemgyýetiň ruhy sütünini emele getirýän milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy, taryhymyzy we edebiýatymyzy bilmeklik, adamyň bilim sowatlylygynyň, watansöýüjilik, halka wepalylyk ýaly ahlak çeşmeleriniň kämilleşmegine ýardam edýär. Gündogar nusgawy edebiýatynda çeper eserleri bilen türkmeniň adyny belende galdyran şahyrlaryň, alymlaryň we akyldarlaryň atlary sanardan köp. Olaryň döreden eserleri häli-häzirlerem gymmatyny ýitirenok. Biz bu makalada türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň, şeýle hem, XX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň ömürnamaçylyk däbinde döredilen eserleri barada gürrüň etmegi makul bildik.

Türkmen edebiýatynda ömürnamaçylyk däbi dogrusynda edebiýatyň taryhynda juda möhüm işler ýerine ýetirildi. Çeper edebiýatyň baş obýekti bolan adamyň öz ömrüniň dowamynda başdan geçirýän duýgularyny öwrenilýär, şahyrlarda bar bolan umumylyklar we aýratynlyklar açyp görkezilýär. Sebäbi her bir aýratynlykda alnan adama mahsus bolan sypatlar, häsiýetler, onuň ömrüniň dowamynda dürli döwürlerde başdan geçirýän pursatlary örän çalymdaş. Diýmek, biz şahyrlaryň bu mesele babatyndaky oý-pikirlerine daýanyp, umuman, her bir adamyň dünýäsine aýdyň aralaşmaly.

Şygryýetde ynsanyň dogulmagyna we çagalyk döwrüne bolan filosofiki garaýyşlaryň esasy manysy adamyň dünýä gelmeginiň bir ylahy gudratdygynda, onuň her bir adam üçin bir bagtdygynda jemlenýär. Hoja Ahmet Ýasawynyň, Magtymguly Pyragynyň bu mesele babatyndaky diňe bir rowaýaty däl, eýsem, ylmy pikirlenmeleri haýran galdyrýar. Şahyrlar medisina, pedagogika, psihologiýa, biologiýa, anatomiýa ýaly ylymlar bilen bir hörpde gopýarlar.

Ynsanyň ýetginjeklik döwri şahyryň şygyrlarynda özboluşly teswirlenipdir. Dünýä inen çagajygyň barha dünýä bilen gyzyklanmasy artýar. Ýetginjek dünýäniň gözelliklerine hem kynçylyklaryna, kemçiliklerine akyl ýetirip başlaýar. Uly dünýä ony nähili kabul eder?! Ol uly dünýä bilen uýgunlaşyp gidip bilermikä, kalbynda nämeler bolup geçýär?! Bu soraglara orta asyrlaryň, XVIII – XIX asyrlaryň şahyrlary, esasan, ylahy garaýyşlaryň gözi bilen jogap beripdirler. Soňkular bolsa dünýewi pikirleri öňe sürüpdirler. Bu ýetginjegiň ömründäki iň bir howsalaly pursatdyr.

Umumylykda alnanda, şahyrlaryň ömürnamalaryny öwrenmegiň ähmiýeti örän uludyr. Olaryň pikirlerine daýanyp, biz öz ömrümize baha berip bilýäris, ýaş nesle nähili terbiýe berilmelidigini öwrenýäris.

Nabat JANMYRADOWA,

Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen

39-njy orta mekdebiniň okuwçysy.

Öňki makala

DIL BILENLER GALADYR

Indiki makala

ATDA GÖZELLIK BAR

Meňzeş habarlar