Bedewlere taryp edilip “Asman atlary” diýilmegi ýöne ýerden däl. Şeýle diýilmeginiň aňyrsynda bedewleriň gahrymançylyklarynyň uly orun tutandygyny bellemek gerek. Gyratyň Araz çaýyndan geçeni, Jelaleddin Meňburnynyň meşhur gara atynyň özüni dik gaýadan derýa oklany, Dordepeliň ýyldyrym tizliginde süýnüp, ili ýagydan halas edişi – bularyň hemmesi “asman atlaryna” deňelip, keramat saýylýan bedewleriň görkezen gahrymançylyklarynyň käbirleridir. Olar sanardan kän. Diýmek, bedewlerimiz ähli döwürlerde-de edermenligiň we batyrgaýlygyň nusgasyna öwrülip bilipdir.
Ahalteke atlarynyň alma gözlerine seredip, olaryň arassa kalbynyň owazyny diňläp, aşyk bolmazlyk asla mümkin däl. Bedew atlarymyzyň balkyldap duran gözleri olaryň kalbynyň aýnasy. Gözellige deňsiz-taýsyz bedewlerimize asyl-ha bezegler hökman däl, çünki özleri bir duran gözellik. Seýkin basyp uz ýöreýşi, gyzdan gylykly näz-kereşmesi, balkylap duran gözlerini oýnadyp, aýratyn bir kişňemesi – bu gözelligiň we keramatyň hut özi.
Ýer ýüzünde ýaşaýan halklaryň ählisiniň hem öz bedewlerine bolan garaýşy aýratyndyr. Bizi halkymyzda atyň gadry, ezizligi belentde durýar. Özi iýmän atyna iýdirýän, özi geýmän atyna eýer-esbap edýän türkmeniňki başgaçarakdyr. Atyny özüniň wepadar syrdaşy saýýan halkymyz bedew ata “Saňa at diýmerin, gardaş diýerin” diýip ýüzlenýär. Şunuň özünden türkmeniň behişdi bedewlerine garaýşynyň nähili ýokary derejededigini aňmak kyn däl bolsa gerek.
Altyn KAKABAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.