Golaýda, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 2-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň hem-de Hojambaz etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň sporta höwesli kiçi synp okuwçylarynyň arasynda «Sagdyn jemgyýet ýörelgesi-gelejegimiziň gözbaşy» atly sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.
Gyzykly geçen bäsleşikde okuwçy ýaşlar özleriniň zehinlerini, sporta bolan höwesini ukyp başarnygyny gazanan ýeňişleri bilen subut etdiler. Gyzykly we çekeleşikli geçen bäsleşigiň jemi boýunça ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gunça HATAMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Hojambaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.