Ýakynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda Lebap welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzda halkara Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda «Bitaraplyk ýoly – dünýä nusga göreldämiz» atly temada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakda uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumyadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda, milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar. Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi jemgyýetçilik durmuşynda we maliýe işinde maglumat we sanly serişdeleriň ähmiýetiniň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär.Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar diýip bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän, halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha gowulandyrmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Laçyn AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň
baş hünärmeni.