SOŇKY JAŇ DABARASY

Golaýda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 1-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hojambaz etrap Geňeşi, etrap häkimligi, etrap bilim bölümi, etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde guramagynda 1-nji orta mekdebiniň uçurymlarynyň arasynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek, jemgyýetçilik ýerlerde tertip-düzgüni doly we dogry berjaý etmekligi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ýaşlaryň mynasyp goşant goşmalydygyny, olaryň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli, watansöýüji, arassa ahlakly, zähmetsöýer bolup ýetişmekleriniň abadan durmuşymyzyň aýdyň güwäsidigini belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda ajaýyp zamanamyzda okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gunça SAPAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Hojambaz etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Iýun 2025 | 0 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI

03 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT KÄMILLIGE BADALGA

03 Iýun 2025 | 0 okalan

HOŞ GAL EZIZ BAKJAM