WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň guramagynda 139-nji orta mekdebinde okaýan mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çykyş edenler döwletimiziň mekdep okuwçylarynyň durnukly bilim we terbiýe almaklary üçin ähli şertleriň döredilendigini nygtap, köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň tertip-düzgünini berk berjaý etmek, şeýle hem internet toruny dogry peýdalanmak, ýaramaz endiklerden daşda durup, mekdepde we maşgalada berilýän asylly edep-terbiýä gulak asmalydygyny hem-de köçe ýol-hereketiniň düzgünleri berk berjaý etmek barada maslahatlary berdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara döredip berýän mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Rüstem MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar