Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramagynda Halaç etrabynyň «Çeper» halyçylyk kärhanasynda beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap bilim bölüminiň hem-de çeper elli halyçy zenanlarymyzyň gatnaşmagynda «Bitarapdyr ýurdumyz, bagtyýardyr halkymyz» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň Baştutanlygynda Türkmenistan häzirki döwürde anyk, Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn, toplumlaýyn daşary syýasaty alyp barýar. Şonuň netijesinde Milli Liderimiz dünýä derejesinde görnükli syýasatçy hökmünde tanalýar. Ýurduň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin giň mümkinçiliklere ýol açan Bitaraplyk derejesi – halkymyzyň milli guwanjydyr we buýsanjydyr. Milli Liderimiziň öz sözleri bilen aýtsak:« Biziň alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyz diňe bir ýurdumyzyň daşary syýasatynda netijeli ýörelge bolmak bilen çäklenmän, eýsem sebit derejesinde-de, dünýä bileleşiginiň çäklerinde-de täsirli ýörelgä öwrüldi». Bu günki gün hem Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiligi we parasatly syýasatlary netijesinde Garaşsyzlyk gudraty bilen Bitaraplyk bagty utgaşyp, Türkmen döwletini hem-de türkmen halkyny jahan içre belent hormata, şan-şöhrada ýetirdi. Duşuşykda Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylymyzda hemişelik Bitaraplyk derejämiziň üçünji gezek ykrar edilmegi mynasybetli ýerine ýetirilen çykyşlar maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Duşuşyga gatnaşanlar bizi asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde işlemäge, ýaşamaga, zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän biz ýaşlaryň howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Halaç etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.