BILIM ULGAMY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLUNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyna jemgyýetiň, onuň her bir nesliniň ruhy binasy gurulýan esas hökmünde garaýar. Bilim ulgamyny mazmuny hem-de düzümi boýunça ylmy tehnologiýa babatda ýokary derejä ýetirmek, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin döredilýän şertler bu ulgamy döwrebaplaşdyrmaga, milli hem-de dünýä tejribesine esaslanýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam edýär.

Ulgamyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, türkmen jemgyýetiniň medeni we ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy şertine öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy- barlag institutlarydyr ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary taýýarlykly, ylmy derejeli hünärmenleri ýetişdirmekde işler döwrebap ýola goýuldy. Ýeri gelende aýtsak, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary öz saýlap alan hünärleri boýunça bilim almak bilen birlikde, ylmy işler bilen hem meşgul bolýarlar, ýyllyk, diplom işlerini taýýarlaýarlar. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda her ýylda geçirilýän ýaş alymlaryň döwlet derejesindäki bäsleşigine gatnaşyp, ýurt Baştutanymyzyň şa serpaýyna mynasyp bolýarlar.

Häzirki wagtda Diýarymyzdaky orta mekdepleriň okuwçylarynyň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ýurdumyzda döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara olimpiadalaryna gatnaşyp, altyn we kümüş medallara mynasyp bolýandyklary buýsandyryjy hakykatdyr. Munuň özi, türkmen ýaşlary bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda dost-doganlygy berkitmäge, bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.

Döwletimizde okamak, gurmak, döretmek üçin ähli şertleriň döredilýändigi guwandyryjy hakykatdyr. Häzirki döwürde orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw kitaplary bilen üpjünçiligi hem döwrebap ýola goýuldy. Bu okuw kitaplaryny, gollanmalaryny taýýarlamaga orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, degişli hünärmenler, alymlar işjeň gatnaşýarlar. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde sapaklaryň interaktiw, multimediýa görnüşinde guralmagy ýaşlaryň okuwa bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar we berilýän bilimiň netijeliligini ýokarlandyrýar. Häzirki wagtda ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary üçin şahsy kompýuterlerinde özbaşdak okamaklary üçin ýörite multimediýa okuw gollanmalary taýýarlanyldy. Şeýle öňdebaryjy tejribeleriň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklaryna oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda döredilen ylmy-tehniki mümkinçilikleriň, düýpli hem-de amaly barlaglaryň peýdalanylyşynyň netijeliliginiň artdyrylmagy, dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, ylym we bilim merkezleri bilen özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi ylym-bilim babatda döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolmagynda galýar.

Leýli ELÝASOWA,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar