Golaýda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň 14-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň etrap bilim bölüminiň bilen bilelikde guramagynda etrabyň orta mekdeplerinde okaýan 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Ýaşlar hakda alada geljegiň berk binýady” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň: “Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir” diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň ruhy taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmek, ahlaklylyk, watansöýüjilik ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmek, şeýle-de, ösüp gelýän ýaş nesliň döredijilik ukyplaryny has-da kämilleşdirmek ýurdumyzda öňde goýulýan esasy maksatlaryň biridigi dogrusynda gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy üçin uly aladalary edýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Ýolly ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň
Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.