Ýakynda, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenabat şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde guramaklarynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi we gezelenç gurnaldy. Oňa il ýaşululary, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de Çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaraly maslahatyň dowamynda Watan mukaddesligi, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly, sebitde we dünýäde parahatçylygy gorap saklamakda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň tutýan orny barada edilen çuňňur mazmunly çykyşlar bu ýere ýygnanan ildeşlerimiziň kalbynda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi, Türkmenabat şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebi, beýik Watançylyk urşy muzeýi bilen bilelikde yglan eden «Gahryman gerçekleriň keşbi ýaş nesilleriň kalbynda» atly surat bäsleşiginiň ýeňijileri hem sylaglandy. Soňra Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň gurnan sergisine syn edildi.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Narif BABAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň hojalyk işleri
boýunça esasy hünärmeni.