ZEHINLI ÝAŞLARA BUÝSANÇ

Golaýda Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň merkezi seýilgähinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň gurnamagynda, Saýat etrabynyň Sakar şäher Çagalar sungat mekdebinde okaýan suratkeşleriniň arasynda “Zehinli ýaşlara buýsanç” ady bilen surat çekmek bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige gatnaşan suratkeşler öz surat eserlerinde bäsleşigiň düzgünnamasy esasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny”, gözel tebigatymyzy, bagtyýar çagalygy wasp etdiler.

Netijede, I orna - Saýat etrabynyň Sakar şäher Çagalar sungat mekdebiniň 1-nji synp okuwçysy Mekan Muhtarbaýew, II orna - 2-nji synp okuwçysy Gözel Yhlasowa, III orna 1-nji synp okuwçysy Akmaral Welmyradowa dagylar mynasyp boldular. Ýeňijilere we gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we höweslendiriji sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda ýaş nesilleriň okamaga, döretmäge zehinlerini açyp görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

Nursoltan MAKSUDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Maý 2025 | 37 okalan

PARAHATLYK AÝDYMY – ASUDALYK MUKAMY

29 Maý 2025 | 49 okalan

ÇAGA – DURMUŞYŇ GÜLI

28 Maý 2025 | 62 okalan

MAŞGALAM – BAŞ GALAM