Türkmenistanyň ýaşlar basketbol ýygyndysy (U17) Özbegistanyň Namangan şäherinde tamamlanan GOLDEN VALLEY CUP 2025 halkara ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy. Üçünji ýer üçin geçirilen aýgytly duşuşykda türkmen türgenleri Gazagystanyň ýygyndysyny 60:57 hasaby bilen ýeňdiler.
Bäsleşige Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan 10 topar gatnaşdy. Toparçalaýyn tapgyrda Türkmenistanyň wekilleri Täjigistanyň ýygyndysyny (74:31), Gyrgyzystanyň ýygyndysyny (43:17) we Gazagystanyň ýygyndysyny (45:44) ýeňdiler, diňe bäsleşigiň eýelerinden - Özbegistanyň toparyndan (77:99) ýeňildiler.
Ýaryşyň pley-off tapgyrynda türkmen basketbolçylary çärýek final duşuşygynda Gyrgyzystanyň «Nookat» toparyny 72:56 hasaby bilen ýeňip, ynam bilen indiki tapgyra geçdiler. Ýarym final duşuşygynda türkmenistanlylar «Bişkek» toparyndan (54:67) ýeňildiler, emma bürünç medal ugrunda geçirilen duşuşykda Gazagystanyň ýygyndysyny ýene-de ýeňmegi (60:57) başardylar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprel aýynyň başynda Aşgabatda Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň nobatdan daşary saýlaw Maslahaty geçirilip, onda Ruslan Taňryberdiyew guramanyň 2025-2028-nji ýyllar üçin başlygy wezipesine saýlandy.
turkmenportal