Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi Boldumsaz etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, etrabyň bilim, medeniýet, saglyk ulgamlarynyň bilelikde gurnamaklarynda Beýik ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Merdana gerçeklere belent sarpa!» atly şygar astynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdi. Baýramçylyk çäräniň dowamynda hormatly uruş weteranlary hakynda edýän aladalary, olara goýýan hormaty, sylag-sarpasy üçin hormatly Prezidentimize özleriniň çäksiz hoşallyklaryny uly buýsanç bilen aýtdylar.
Baýramçylyk mynasybetli etrabyň medeniýet bölüminiň, Gubadag şäher medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde hormatly Prezidentimizi, Watanymyzy, gahrymanlarymyzy wasp edýän şirin owazly aýdymlary, ajaýyp tanslary, Gubadag şäher çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylar toparynyň ýerine ýetiren ajaýyp sazlary baýramçylyk çärä özboluşly öwüşgin çaýdy.
Baýramçylyk çäräsiniň ahyrynda halkymyzy bagt gujagyna ataran, ata Watanymyzy bagtyýarlygyň ýurduna öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň rowaç, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler!
Çary KAKABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň başlygy.