Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gün saýyn ösýän, belent sepgitlere ýetýän döwletli Diýarymyz aýdyň geljege aýgytly ädimler bilen barýar. Bagtyýar halkymyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramyna hem-de Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine uly taýýarlyk görýän günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň guramagynda Gubadag şäher medeniýet merkezinde “Garaşsyzlyk şuglalary ýalkym saçýar Diýaryma!” atly şygar astynda aýdym-sazly çäre geçirildi.
Baýramçylyk çäresiniň dowamynda medeniýet merkeziniň ýaş estrada aýdymçylarynyň, çagalar sungat mekdebiniň aýdym-saz toparynyň joşgunly çykyşlary çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Nursähet ÖRÄÝEW,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň
66-njy orta mekdebiniň mugallymy,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.