GARAŞSYZ DIÝARYŇ GELJEGI BAGTYÝAR ÝAŞLAR

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde guramagynda şol mekdebiň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz Diýaryň geljegi bagtyýar ýaşlar» atly şygar astynda dabaraly maslahat geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler 1991-nji ýylda öz Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri ösüşlerden-ösüşlere tarap ynamly öňe barýandygyny, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, döwlet dolandyryşynyň kämilleşdirilýändigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň mynasyp bilim-terbiýe almagy, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Jennet GULMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Sentýabr 2025 | 10 okalan

DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

17 Sentýabr 2025 | 10 okalan

GARAŞSYZ DIÝARYŇ GELJEGI BAGTYÝAR ÝAŞLAR