Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramagynda «Köneürgenç» taryhy medeni döwlet goraghanasynda «Geçmişiň ýaňy geljege şugla» atly gezelenç çäresi geçirildi.
Çäre milli mirasymyzy ösdürmek, gorap saklamak, geljekki ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen geçirilip, oňa Köneürgenç etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary hem-de «Köneürgenç» taryhy medeni döwlet goraghanasyň işgärleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda milli mirasymyz, gadymy ýadygärliklerimiz, olaryň ajaýyp taryhy, «Köneürgenç» taryhy medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi barada buýsançly gürrüňler edildi.
Çärä gatnaşan ýaşlar medeni-mirasymyzy we taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maýa ÇOWDUROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.
 
                     
                     
                     
                             
                    












