Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň guramagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň “Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat” gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işlerine badalga bermegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň “Türkmeniň ak öýi” binasynda “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik çäresi geçirildi.
Söhbetdeşlik çäresine jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we bilim ulgamynda zähmet çekýän bagtyýar ýaşlar gatnaşmagynda geçirilen çärede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary döwletlere amala aşyrýan iş saparlarynyň taryhy ähmiýeti hem-de ýurdumyzyň ynsanperwer daşary syýasaty barada buýsançly gürrüňlere giň orun berildi.
Söhbetdeşlik çäresine gatnaşan ýaşlar ynsanperwer ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýnur ÝUSUPOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.












