PARAHATÇYLYK – ASUDALYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda «Parahatçylyk – asudalygyň we gülläp ösüşiň nusgalyk ýoly» atly maslahat geçirildi.

Maslahatda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mährem eneler, il sylagly ýaşulular çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda berkarar ýurdumyzyň täze taryhy döwrüniň ösüşlere we özgertmelere beslenýändigi, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly özüniň ýatdan çykmajak ajaýyp şanly wakalary bilen dowam edýändigi, şeýle wakalaryň taryha altyn harplar bilen ýazyljakdygy, Bitaraplyk parahatçylyk söýüjülik, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, özara ynanyşmak ýaly möhüm ugurlary amala aşyrmak arkaly dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygy, hoşniýetlilik däplerimizi özünde jemleýändigi barada uly buýsanç bilen bellediler.

Maslahatyň ahyrynda ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Serwi AMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Oktýabr 2025 | 19 okalan

BERKARAR DÖWLET – BAGTYÝAR DURMUŞ

31 Oktýabr 2025 | 28 okalan

GEÇMIŞIŇ ÝAŇY GELJEGE ŞUGLA