BERKARAR DÖWLET – BAGTYÝAR DURMUŞ

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň gurnamagynda Daşoguz welaýat maliýe we ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündemek, watanymyzyň üstünliklerini beýan etmek maksady bilen  «Berkarar döwlet – bagtyýar durmuş» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Onda çykyş edenler, ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler, şeýle hem türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, ýaş nesillerde türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, ahlak arassalygy, ýaramaz endiklerden daşda durmaklary barada giňişleýin belläp geçdiler.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaş nesillerimize döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Çynar MÄMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Oktýabr 2025 | 19 okalan

BERKARAR DÖWLET – BAGTYÝAR DURMUŞ

31 Oktýabr 2025 | 28 okalan

GEÇMIŞIŇ ÝAŇY GELJEGE ŞUGLA