Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi ýaşlaryň arasynda zyýanly endiklere garşy göreşi güýçlendirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Köneürgenç etrabynyň 15-nji orta mekdebinde «Sagdyn durmuş – sagdyn ruh» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärede çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygy, şeýle hem şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýä garaýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gözel KÜŞMEKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.