Golaýda Daşoguz welaýat häkimligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda Hormatly Prezidentimiziň talyp ýaşlar barada edýän aladalaryndan, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ýaşlaryň döredilijilik ukyplaryny ýüze çykarmak maksady bilen Daşoguz welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň gatnaşmagynda «Ýaşlar ylym teşnesi, Watan bagtyň çeşmesi» atly döredijilik bäsleşigini geçirdi. Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, birinji şertinde talyp ýigitler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly bilen baglanşykly özüniň sungata we döredijilige bolan ukybyny, türkmen ýigidine mahsus bolan ruhubelentlik, edermenlik, mertlik häsiýetlerini açyp görkezmek bilen janly sesde aýdym-sazly, çeper okaýyşlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň ikinji şertine laýyklykda talyplar Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynyň many-mazmuny esasynda düzülen soraglara ýazmaça test arkaly jogap berdiler. Üçünji şertde bäsleşige gatnaşýan talyp ýigitler türkmen halk döredijiliginden ýaňyltmaçlary ýerine ýetirip bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijesi boýunça I-nji orna Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby Saparow Serdar, II-nji orna Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby Taganow Nowruz, III-nji orna Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby Ýagşyýew Nurgeldi dagylar mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa gatnaşan talyp ýigitlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.
Jennet GULMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyňDaşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.