GAHRYMANLAR ÝÜREKLERDE BAKYDYR

Berkarar Döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri uly ösüşler bilen badalga alýar, her bir baýramçylyk senelerimizi Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda uly şatlyk şowhun bilen bellemek asylly däbe öwrüldi. Bagtdan paýly bagtyýar ýaşlarymyzda Watana bolan söýgini, gerçeklerimiziň edermenliklerini wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat we şäher Geňeşleri, Daşoguz welaýat Kazyýeti, Daşoguz welaýat Adalat bölümi, Daşoguz welaýat Döwlet Arhiwi, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi Beýik Ýeňişiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine «Gahrymanlar ýüreklerde bakydyr» atly gezelenç çäresini gurnady. Çärä hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bagtyýar ýaşlarymyz gatnaşdy. Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni Watan gerçekleriniň edermenlikleri, barada çärä gatnaşyjylara täsirli gürrüňleri berdi. Gezelenç çärä gatnaşyjylar özleriniň ýürek buýsançlary bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýtdylar.

Wepa ESENOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Iýun 2025 | 55 okalan

ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

03 Iýun 2025 | 20 okalan

ERTIRKI GÜNÜŇ DAÝANJY ÝAŞLAR