Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat we Daşoguz şäher Geňeşleri, welaýat bilim we saglyk müdirlikleri 2025-nji ýylyň maý aýynda «Öýken howply täze döremelerine garşy göreşiň bir aýlygy» boýunça welaýatyň işjeň agzalarynyň, bilim, saglyk, medeniýet hem-de sport we bedenterbiýe ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Daşoguz welaýat onkologiýa merkezinde ÖHTD-ne bagyşlanan wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Wagyz-nesihat çäresinde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de lukmanlar çykyş edip, ýaşlara sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýermeklerini, sport bilen meşgullanyp ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny, sagdyn iýmitlenmek barada nygtap geçdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň saglyk maksatnamasyny, üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Abul HAÝTBAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň umumy bölüminiň
esasy hünärmeni