TALYP ÝAŞLARYŇ JOŞGUNLY ÇYKYŞLARY

Golaýda Türkmen oba hojalyk instituty hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bilelikde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen aýdym-sazly çäre geçirdi. Aýdym-sazly çärede institutynyň çeper höwesjeňleriniň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ajaýyp ösüşlerini, Watanymyzy wasp edýän dürli dillerdäki aýdymlaryna uly orun berildi. Çärä gatnaşan bagtyýar ýaşlarymyz Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.

Orazgül AMANMÄMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň umumy bölüminiň müdiri

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 91 okalan

HÜNÄRIM BAR-HORMATYM BAR

18 Iýul 2025 | 89 okalan

ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANDY