Golaýda «Ýaşlyk» teleýaýlymy şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum 2025» XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmagynyň taryhy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek we dabaralandyrmak maksady bilen Daşoguz welaýat kitaphanasynda «Dünýä nazarynda Arkadag bilen,bu gün beýige galýar bagtyýar Watan» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi.
Söhbetdeşlik çäresinde TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni Nurýagdy Galpakow, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 76-njy orta mekdebiniň mugallymy Tirkeşmämmet Gurbannazarow, TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň bölüm müdiri Çynar Mämedowa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň mugallymy Gülöwser Saparowa çykyş etdiler.
Söhbetdeşlik çäresinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taryhy we uzaklary nazarlaýan çuň manyly çykyşy barada uly buýsançly gürrüňler edilip, döredip berilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýtdylar.
Hudaýnazar MEREDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň başlygynyň w.ý.ý.