«PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK BAGTLY GELJEGIŇ MIZEMEZ BINÝADYDYR»

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebi bilen bilelikde 2025-nji ýylyň «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak-bagtly geljegiň mizemez binýadydyr» atly şygar astynda maslahat geçirdi.

Çykyş edenler 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy, ähli türkmen halkymyzy, ylaýta-da, biz bagtyýar ýaşlary 2025-nji ýylda has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýandygyny, ýylyň ady hem-de nyşany ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli içeri hem daşary syýasatyny, halkymyzyň jebisligini, bagtyýar durmuşyny şöhlelendirýändigini, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda watanymyz halkara giňişlikde parahatçylygy ilerletmek bilen bagly möhüm başlangyçlary öňe sürýändiginiň aýdyň güwannamasydyr.

Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler ata Watanymyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

Çynar MÄMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 30 okalan

HÜNÄRIM BAR-HORMATYM BAR

18 Iýul 2025 | 20 okalan

ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANDY